Sıra | DOSYA ADI | Format | Bağlantı |
---|---|---|---|
01. | Türkmen Türkçesi̇ | pptx | Sunumu İndir |
Transkript
ANKARA ÜNİVERSİTESİDİL VE TARİH-COĞRAFYA FAKÜLTESİÇAĞDAŞ TÜRK LEHÇELERİ VE EDEBİYATLARI BÖLÜMÜGÜNEY-BATI OĞUZ GRUBU TÜRK LEHÇELERİ VE EDEBİYATLARI ANABİLİM DALI
Dersin amacı, Türkmen Türkçesinde tasarlama kiplerini; fiilimsileri ve fiillerin görünüş kategorisini öğrenmek. 2016 TÜRKMEN TÜRKÇESİ IVDoç. Dr. Berdi SARIYEV
TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IVTürkmen Türkçesinde gereklilik kipi IŞLIGIŇ HÖKMANLYK ŞEKILI-MALY/-MELI Işligiň hökmanlyk şekili manysy taýdan , esasan, bitirilmegi zerur bolan, hökman bolan gymyldy-hereketi aňladýar. Işliklerden hökmanly şekili bilen baglanyşykly bolan manyny aňlatmaga gatnaşýan goşulma bolsa -maly/- meli goşulmasydyr.
TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IVTürkmen Türkçesinde gereklilik kipi IŞLIGIŇ HÖKMANLYK ŞEKILI-MALY/-MELI «-maly / -meli» goşulmasy goşulan sözlerine incelik-ýogynlyk taýdan eýerdilip goşulýar. Meselem: oka-maly, barla-maly, işle-meli, diňle-meli
TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IVTürkmen Türkçesinde gereklilik kipi -MA+LY /-ME+LI «-maly/-meli» görnüşi ýaly, iki bölekden, ýagny -ma/-me we -ly/-li goşulmalarynyň birleşmeginden emele gelipdir. IŞLIGIŇ HÖKMANLYK ŞEKILI-MALY/-MELI
TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IVTürkmen Türkçesinde gereklilik kipi -MA /-ME IŞLIGIŇ HÖKMANLYK ŞEKILI-MALY/-MELI Goşulmalaryň birinji bölegi (-ma /- me) işligiň ýokluk galypyny ýasamak bilen, işliklerden at ýasamaga hem gatnaşýarlar. Meselem: süz-me, düz-me, gura-ma, bas-ma,gowur-ma, çekdir-me we ş.m.
TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IVTürkmen Türkçesinde gereklilik kipi -LY /-LI IŞLIGIŇ HÖKMANLYK ŞEKILI-MALY/-MELI «-ly /- li» goşulmalary bolsa köplenç atlardan sypat ýasamaga gatnaşýan goşulmadyr.Meselem: barly hojalyk, işli adam
TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IVTürkmen Türkçesinde gereklilik kipi IŞLIGIŇ HÖKMANLYK ŞEKILI-MALY/-MELI Işligiň hökmanlyk şekili eýesi umumylaşan sözlemlerde umuman amala aşyrylmagy zerur bolan hereketi belli bir şahsa dahylsyz aňladýar. Bu ýagdaýa «Halkyň hakyny iýmejek, hemmäni bir gözde görjek mirap tutmaly» diýen sözlemden göz ýetirmek mümkindir.
TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IVTürkmen Türkçesinde gereklilik kipi IŞLIGIŇ HÖKMANLYK ŞEKILI-MALY/-MELI Işligiň hökmanlyk şekili şahs aňlatmaýar. Emma hökmanlyk şekiliniň yzyna habarlyk kategoriýalarynyň goşulmalary goşulsa welin, şahs aňladýar.
TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IVTürkmen Türkçesinde gereklilik kipi IŞLIGIŇ HÖKMANLYK ŞEKILIIşligiň hökmanlyk şekiliniň ýokluk galypy «däl» we «-syz/-siz» goşulmalary arkaly aňladylýar. Meselem: Jogapkärçiligiň adatdan daşary uludygyny birje sekunt hem unutmaly däl. Elbetde, Hojamam ýatdan çykarmaly däl. (B.K., A. ä., I, 189s.)
TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IVTürkmen Türkçesinde gereklilik kipi IŞLIGIŇ HÖKMANLYK ŞEKILIIşligiň hökmanlyk şekiliniň ýoklugy «-syz/-siz» arkaly aňladylanda bolsa «-ma/- me» goşulmanyň soňundan getirilýär. Meselem: Etmesiz işleri köp edýärsiň. Ol gelmesiz wagtynda geldi.
TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IVTürkmen Türkçesinde gereklilik kipi IŞLIGIŇ HÖKMANLYK ŞEKILIIşligiň hökmanlyk şekili özünden soň sorag aňladýan «-my/-mi» goşulmasyny kabul edip bilýär. Meselem: Ol ýene gelmelimi? Eger hökmanlyk şekiliniň ýoklugy «däl» sözi bilen aňladylýan bolsa, onda, «-my/- mi» goşulmasy ol söze goşulýar. Meselem: Ol ýene gelmeli dälmi?
TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IVTürkmen Türkçesinde gereklilik kipi IŞLIGIŇ HÖKMANLYK ŞEKILIIşligiň hökmanlyk şekilinde şahs aňladylmaly bolanda, onda işliklerden öň at çalyşmalary getirilýär. Men okamaly, sen okamaly, siz okamaly däl, ol okamaly, olar okamaly däl, ol okamaly däl, biz okamaly, biz okamaly däl.
TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IVTürkmen Türkçesinde gereklilik kipi IŞLIGIŇ HÖKMANLYK ŞEKILIAt çalyşmalaryny ulanman hem şahs aňladyp bolar. Bu ýagdaýda hökmanlyk şekilden soň habarlyk kategoriýasynyň «-dy/-di» goşulmalary getirilýär we şahs aňladylýar. Meselem: bilmeli-di-m, bilmeli-di-k, bilmeli-di-ň, bilmeli-di-ňiz, bilmeli-di, bilmeli-di-ler.
TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IVTürkmen Türkçesinde gereklilik kipi IŞLIGIŇ HÖKMANLYK ŞEKILIIşligiň hökmanlyk şekili gymyldy-hereketiň hökmany edilmelidigini aňladýar. Şol häsiýeti bilen ol birnäçe grammatik aýratynlyklara eýedir.
TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IVTürkmen Türkçesinde gereklilik kipi IŞLIGIŇ HÖKMANLYK ŞEKILI1.Ol ýönekeý sözlemiň habary hyzmatynda bolýar.Meselem: Şu gün ýygnaga gatnaşmaly.
TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IVTürkmen Türkçesinde gereklilik kipi IŞLIGIŇ HÖKMANLYK ŞEKILI2.Ol aýyrgyç hyzmatynda hem gelýär. Meselem: Aýlanyp çykmaly ýollar onda bar. Edilmeli ençeme işler ýatyr.
TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IVTürkmen Türkçesinde gereklilik kipi IŞLIGIŇ HÖKMANLYK ŞEKILI3.Ol atlaşyp gelen ýagdaýynda, ýagny substantiwleşende, atlaryň üýtgediji goşulmalary kabul edýär. Meselem: Seniň okamalyň köpmi? Özüň almalyňy aldyňmy? Ahmet bermelisini beripmi?
TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IVTürkmen Türkçesinde gereklilik kipi IŞLIGIŇ HÖKMANLYK ŞEKILI4.Işligiň hökmanlyk goşulmalarynyň yzyndan modallyk öwüşginli habarlyk goşulmalary (-myş/-miş, -dyr/-dir) goşulyp bilýär. Habarlyk goşulmasyny kabul edenden soň hökmanlyk şekili hem işlik ýöňkemesiniň goşulmalary bilen üýtgeýär. Meselem: Men ony hökman tapmalymyşym.
TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IVTürkmen Türkçesinde gereklilik kipi Işligiň hökmanlyk formasyGymyldy-hereketiň hökman ýerine ýetirilmelidigini ýa-da ýerine ýetirilmeli däldigini bildirýän işliklere işligiň hökmanlyk formasy diýilýär.Işligiň hökmanlyk formasy düýp işligiň yzyna -maly, -meli goşulmasynyň goşulmagy bilen ýasalýar.al-maly, ser-meli.
TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IVTürkmen Türkçesinde gereklilik kipi Işligiň hökmanlyk formasyHökmanlyk formasyndaky gymyldy-hereketiň kime, nämä degişlidigini bildirmek üçin, onuň öňünden at çalyşmasy ýa-da gymyldy-hereketiň kime, nämä degişli bolsa, şonuň ady getirilýär.Men al-maly, sen gör-meli, ol seret-meli.Hökmanlyk formasyndaky işlikleriň ýöňkeme goşulmalary ýok. Hökmanlyk formasynyň ýoklugy işlikden soň däl sözüniň getirilmegi bilen ýasalýar.almaly däl.
TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IVTürkmen Türkçesinde gereklilik kipi – Tanamag-a beýle-de dursun welin, men asyl bu ýigidiň haýsy halkdandygynam çaklap biljekgäl.– Pereňistan diýip eşidipmidiň?– Pereňmi? Pereňistan!.. Hawa, hawa, eşidipdim.– Eşitseň, bu adam şol ilden bolmaly.Atajan Tagan:«Keseki» romanyMorfologik derňew
TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IVTürkmen Türkçesinde gereklilik kipi Goja çopan Blokwiliň uzyn gonçly kaşaň ädigine, gyralary düwmeli ýaly sapançagabyna, döşi lowurdawuk ilikden doly geýimine birlaý üns bilen ser salyp çykansoň, ýene ädikde nazaryny saklady. Ol ädigiň gonjuna öwran-öwran seredip: «Älhepus, gonjy beýle dar ädigi bu adam nädip geýýäkä?! – diýip haýran galdy. – Ýa aýagynda dagy tikäýýälermikä?»Atajan Tagan:«Keseki» romany Morfologik derňew
TÜRKMEN TÜRKÇESİ-IVTürkmen Türkçesinde gereklilik kipi – O görünýän goşa öý seňkimi? – diýip, şazada sowal berdi.– Meňki bolmaly.– Mallaram özüňkimi?– Mal baýyňky.– Özüňem baýyňkymy?– Özüm Allaňkydyryn.Ara dymyşlyk düşdi. Şol dymyşlyk hem çopany gorkuzdy. «Ýene näme sorarka bu?»Ýöne hiç zat soralmady.Atajan Tagan:«Keseki» romanyMorfologik derňew
TEMEL KAYNAKLARAzimov, P. (1969). Türkmen diliniň meseleleri. Aşgabat. Azimov, P.; Hıdırov, M. N., Sopıyev, G. (1960). Häzirki zaman türkmen dili. Aşgabat. Azimov, P.; Sopıyev, G. Çöňňäyev, Y. M. (1974). Türkmen dili. Aşgabat: Türkmenistan Neşiryatı. Azimov, Pıgam, (1992), Türkmen Dili, Aşgabat.Esenmedowa, A.(2010) Häzirki Zaman Türkmen Dili (Morfologiýa). Aşgabat Clark, Larry, (1998), Turkmen Reference Grammar.Çarıyarov, B., (1978), Türkmen Diliniň Orfoepik Sözlüği, Aşgabat. Hamzayev, M., (1962), Türkmen Diliniň Sözlüği, Aşgabat.Türkmen Diliniň Grammatikası, Aşgabat 2000.Tekin Talat ve başk., (1995), Türkmence-Türkçe Sözlük, Ankara.Veyisov B., Babayeva G. (2010) Türkmen dili (praktikum). Yokarı Okuv Mekdepleri Üçin Okuv Kitabı. Aşgabat.Söyegov Muratgeldi, Arnazarov Seyintanazr (2017) Örnekli Türkmence Gramer, Ankara.